“MERDANA NESIL – 2022”

Her bir döwletiň we jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösüşi ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ylym-bilim ulgamy batly depginler bilen ösdürilýär. Bu ösüşiň  dowamly, geljeginiň aýdyň bolmagy üçin bolsa ýurdumyzda ähli tagallalar edilýär. Ýokary hilli bilim almak, hünär öwrenmek, jemgyýetiň durmuşyna işjeň gatnaşmaga taýýar bolmak her bir adam üçin bagtdyr. Bilim halkymyzyň asyrlar boýy toplan we nesilden –nesle geçip gelýän gymmatly baýlygy bolmak bilen, durmuş kadalarynyň, medeniýetiň, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň çeşmesi hasaplanýar. Ata-babalarymyz kitap okamagy, öwrenmegi, geçmiş taryhyny özleşdirmegi ýaşlara hemişe wesýet edipdirler. Çünki ylym-bilim danalaryň aýdyşy ýaly, tükeniksiz ýoldur, ol köňül gapylaryny açýar. Ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegini gazanmak öňümizde durýan wajyp wezipedir. Bu wezipäni durmuşa geçirmek biz – Ýaşlar guramanyň işgärlerine aýratyn orun degişlidir.

Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölüminiň gurnamagynda Ýolöten etrabynyň 31-nji orta mekdebinde etrabyň orta mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda “Merdana nesil - 2022” atly şadyýan bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, Ýolöten etrap bilim bölüminiň hünärmeni Ogulbeg Çaryýewa, Ýolöten etrabynyň 45-nji orta mekdebiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Maýsa Muhammetgulyýewa, Ýolöten etrabynyň älemgoşar çagalar ýetginjekler gurnagynyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Abadan Kerimgulyýewa dagylar eminlik etdiler. Bäsleşige etrabyň orta mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlar gatnaşdylar we bu bäsleşik örän gyzykly hem-de çekeleşikli geçdi. Netijede, emin agzalaryň çykaran çözgüdi esasynda  1-nji orna Ýolöten etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Babajan Çaryýargulyýew, 2-nji orna Ýolöten etrabynyň 43-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Selim Hanow, 3-nji orna Ýolöten etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Şanazar Annageldiýew dagylar mynasyp boldylar. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Maksat ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI