SPORT-SAGDYNLYK WE BAGTYÝARLYKDYR

Sport-sagdynlyk we bagtyýarlykdyr. Bu özara sazlaşýan durmuş ýörelgeleri bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik özgertmeleriniň netijesinde Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda ösen sport ulgamyna eýe bolan, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde uly tejribe toplan, halkara sport hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýan ýurdy hökmünde  dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar. Bilşimiz ýaly, eziz Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli ulgamlar bilen bir hatarda, jemgyýetimize ornaşdyrylýan sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy maksady il saglygyny we beden berkligini gazanmakdan , ýaşlarymyzy sport bilen meşgullanmaga höweslendirmekden, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, sagdyn adamlar – sagdyn jemgyýeti kemala getirýär. Hormatly Prezidentimiziň pähim- paýhasy bilen ýurdumyzda  Türkmenistan döwletimizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürmek, bedenterbiýäni we sporty  hil taýdan täze basgançaklara çykarmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek hem-de halkymyzy sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek işleriniň giň gerim almagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.  Halkymyzyň aýratyn hem ýaşlarymyzyň sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy , türkmen ýaşlarynyň sportuň dürli görnüşleri boýunça ussatlyklaryny artdyrmagy,  olaryň zehin – başarnygyny ýüze çykarmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi sagdyn durmuş ýörelgesiniň jemgyýetde berkarar edilmegini üpjün edýän wajyplykdyr.

Netijede, ýaşlarymyzyň sport bilen meşgullanmagy olary  beden we ruhy taýdan sagdyn,  gujur- gaýratly , güýçli edýär, beýik ýeňişlere ruhlandyrýar. Şol sebäpden hem ýurdumyzda sagdyn nesliň kemala gelmegine gönükdirilen sagdyn durmuş ýörelgeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hut şu maksatlary özümize hemra edinip, şugün ýaşlary giňişleýin sporta çekmek we olaryň berk bedenli bolmaklaryny gazanmak maksady bilen  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan Tagtabazar etrabynyň 20-nji orta mekdebinde “Sport-sagdynlyk we bagtyýarlykdyr.” ady bilen sportuň küşt görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige şol mekdebiň ýokary synplarynda okaýan mekdep okuwçylary gatnaşyp, olar öz aralarynda küşt oýnamak boýunça bäsleşdiler. Ýeňiji bolan okuwçy ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

 

Maral SEÝITJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Tagtabazar etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI