Ýakynda ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek hem-de ýaşlara milli medeni gymmatlyklarymyzyň döreýşiniň gözbaşyny we taryhyny düýpli öwretmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň gurnamagynda, Baýramaly şäheriniň 9-njy hünärment mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda “Milli mirasymyza sarpa” ady bilen “Gadymy Merw” goraghanasyna gezelenç gurnaldy.
Gezelenjiň dowamynda, Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Timur Hydyrow çykyş edip, “Gadymy Merw” goraghanasy barada giňişleýin gürrüň berdi. Ýurdumyzda häzirki wagtda amala aşyrylýan we dünýäniň ulag ulgamynyň sazlaşykly ösüşine täsir edýän häzirki zaman taslamalarynyň gadymy nusgalary hakynda şeýle hem, Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň has meşhur gatnawly döwründäki taryhy ýerleriniň şähergurluşyk aýratynlyklary, medeniýetleriň özara goşulyşmaklaryny, taryhy ähmiýeti bolan gadymy ýollaryň döremegini, olary öwrenmegiň çäklerindäki bilelikdäki hyzmatdaşlygyň umumy usullaryny açyp görkezýändigi barada gürrüň berdi.
Bu gezelençde talyp ýaşlarymyz, Gahryman Arkadagymyzyň gadymy döwürlerden bäri söwda we medeni ýollaryň merkezinde ýerleşen ýurdumyzyň şäherlerini we taryhy ýerlerini birleşdirýän Beýik ýüpek ýolunyň “geografiýasyny” özünde jemleýän we ýaşlaryň her biriniň ýan kitabyna öwrülen “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ajaýyp kitabynda berilýän maglumatlar bilen giňişleýin tanyş boldular.
Umuman, bu gezelenç ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy. Gezelenjiň ahyrynda taryhymyzy, ajaýyp medeniýetimizi we sungatymyzy giňden öwrenmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýdyldy.
Serdar BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Baýramaly şäher
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.