WATANYŇ KUWWATY- GELJEGI ÝAŞLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem-de “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün edýän beýik işler bilen şöhratlanýar. Arkadagly Serdarymyzyň täze taryhy eýýamda ýaşlara uly ynam bildirmegi döwrüň bedew batly ösüşlerine ganat berýär. Ykbalyňdaky ýakymly ýatlamalaryň aglabasy ýaşlygyňda bolup geçýär. Şonuň üçin hem ýaşlyk-gözelligiň hem-de bagtyň nyşany. Ýaşlary goldamak, ýaşlygy goramak, ýaş nesillere ýakyndan hemaýat etmek bolsa halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biridir.

Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar mähriban Watanymyzyň geljegidir” diýip nygtamagy, ýaşlar baradaky aladany üns merkezinde saklaýandygynyň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Öňdebaryjy halkara tejribeleri milli ýörelgelerimize utgaşyp, ylym-bilimde kämil derejelere ýetilýär. Ýurdumyzda ýaşlar hakynda edilýän aladalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, ylym-bilimi has-da ösdürmäge aýdyň ýollary açýar.

Şu gün, Ýolöten etrap häkimliginiň, etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Ýolöten şäher medeniýet merkezinde  etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Watanyň kuwwaty-geljegi ýaşlar” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, Ýolöten etrap Prokuraturasynyň uly sülçüsi Annaberdi Pudakow, Ýolöten etrap Polisiýa bölüminiň wekili Maksat Artykow, Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, Ýolöten etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň halypa mugallymy Jumasoltan Oratdyýewa dagylar gatnaşdylar we çykyş etdiler.

Biz-ýaşlaryň bagtyýar geljegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

 

Uzukjemal ÖMÜROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI