“ÝAŞLARDA WATAN WASPY-SURATDA BEÝAN”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwlet derejesine göterilýän ýaşlar syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär. Ýaşlarymyzyň bilimli, ylymly, beden we ruhy taýdan sagdyn, hemmetaraplaýyn kämil, watansöýüji şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga bolan sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň beýik ynsanperwer işleriniň beýanydyr. Görnüşi ýaly, ýaşlar- döwletimiziň ygtybarly hereketlendiriji güýjidir.

Ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän beýik aladalardan ugur alyp, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny  amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny üstünli durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Oguzhan etrap Geňeşiniň gurnamagynda Oguzhan etrabynyň Parahat şäherçesiniň merkezi kitaphanasynda  “Ýaşlarda Watan waspy-suratda beýan” ady bilen surat çekmek boýunça bäsleşik geçirdi. Bu bäsleşige “Älemgoşar” çagalar sungat mekdebine gatnaýan okuwçy ýaşlar gatnaşyp, olar ata Watanymyza, eziz Diýarymyza we türkmen tebigatyna bolan söýgülerini suratda beýan etdiler. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Oguzhan etrap Geňeşinden, etrap bilim bölüminden hem-de “Älemgoşar” çagalar sungat mekdebinden gelen wekiller eminlik edip, olaryň çykaran çözgüdi netijesinde baýrakly orunlara mynasyp bolan okuwçy ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Oguzhan etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Atageldi GURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň  Mary welaýatynyň

Oguzhan etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI