Şu gün, Hormatly Prezidentimiziň türkmen medeniýetiň we sungatyň ösmegi üçin alyp barýan tutumly işlerine ýaşlaryň ünsüni çekmek, türkmen ýaşlarynyň ruhuny belende galdyrmak şeýle hem ýaş nesillerde ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza, milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, taryhy we medeni-mirasymyza hormat goýmak, gadymy gymmatlyklarymyzy ýaşlara açyp görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi, Mary welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine “Milli mirasym edep-ekramym!” ady bilen gezelenç gurnady. Bagtyýar ýaşlar türkmen halkynyň baý taryhyna degişli bolan maddy we medeni gymmatlyklaryny janlandyrýan bölümine, arheologiýa bölümine hem-de etnografiýa bölümine gezelenç etdiler. Muzeýde ýerleşdirilen milli baýlyklarymyz ýaşlaryň ünsüni özüne çekdi. Muzeýiň uly ylmy işgäri Mamajan Akmyradowa bu ýerde saklanylýan gadymy tapyndylar barada aýdyp beren gyzykly gürrüňleri bagtyýar ýaşlarda halkymyzyň taryhyna bolan uly gyzyklanmany döretdi. Çärä gatnaşýan ýaşlar muzeýiň şekillendiriş sungaty bölüminde ýerleşdirilen surat eserlerini we heýkelleri uly gyzyklanma bilen synladylar. Bu ýerdäki sungat eserleri çärä gatnaşyjylaryň milli sungatymyza bolan söýgüsini has-da artdyrdy.
Annagözel SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.