Alabaý – sagdynlygyň we sarçlygyň, batyrlygyň hem gaýduwsyzlygyň nusgasy bolup, türkmen halkynyň dünýägaraýşynda baky orun alandyr. Çünki alabaý dogumly jandar, ynamdar goragçy we sakçy hasaplanýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň „Alabaý – biziň milli buýsanjymyzdyr. Alabaý –biziň Watanymyzyň baýlygy . Ol biziň ata – babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr“ diýen sargytlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzyň gadryny bilmekligi öwredýär, olary gorap saklamaga borçly edýär.
Şugün, Türkmen alabaýynyň gününi mynasyp garşylamak hem-de türkmen alabaýlarynyň aýratynlyklaryny ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi, Mary welaýat kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda “Alabaý-milli buýsanjymyz” ady bilen maslahat duşuşygyny geçirdi. Oňa TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary we Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalarydyr ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Annamuhammet Babaýew çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen alabaýlaryna berilýän ünsüň çäksizdigi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynyň ähmiýeti dogrusynda buýsanç bilen belledi. Soňra maslahata gatnaşyjy myhmanlar Hormatly Prezidentimiziň türkmen alabaý itleriniň gymmatly tohumyny saklamak, itşynaslyk medeniýetini ýokarlandyrmak we ony ösdürip ýetişdirmegiň täzeçil usullaryny kemala getirmek ýaly alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Maslahatyň dowamynda Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler belentden ýaňlandy.
Röwşen HOMMADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
baş hünärmeni.