“GEÇMIŞIŇ BEÝANY-MUZEÝE SYÝAHAT”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň taryhyny öwrenmek, merdana pederlerimiziň sarpasyny belentde tutmak, şu günki we geljekki nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda uly işler amala aşyrylýar. Çünki halkymyzyň gadymy mirasyny, mukaddes ýolyny öwrenmek we olary goramak bilen Watanymyzyň beýikligine, taryhynyň şöhratlydygyna göz ýetirýärsiň.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny  amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň 14–nji bendinden ugur alyp, ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek maksady bilen  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi, Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde “Geçmişiň beýany-muzeýe syýahat” ady bilen gezelenç çäresini gurnady.

Gezelenje Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri hem-de Mary nebit gaz orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Olar muzeýiň etnografiýa we arheologiýa bölümi bilen içgin tanyş boldular. Ýaşlar muzeýiň arheologiýa bölüminde Gadymy Margiananyň, antik we orta asyr Merwiň taryhyna degişli eksponatlary, basma we syrçaly keramikanyň ajaýyp nusgalary, piliň süňkünden ýasalan küşt çöpleri we X-XI asyrlaryň bürünç çyradanlary bilen tanyş bolup, etnografiýa bölüminde türkmen halkynyň baý maddy we ruhy medeniýeti barada gürrüň berýän eksponatlar, ýagny türkmen milli egin-eşikleri, gelin-gyzlaryň ajaýyp el hünärleri, täsin türkmen halylary, türkmen ýaraglarynyň nusgalary, halk saz gurallary we kümüş şaý-sepleri bilen tanyşdylar.  Bularyň ählisi ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekde uly ähmiýeti eýe boldy.Gezelenjiň ahyrynda milli mirasymyzy we taryhymyzy, ajaýyp medeniýetimizi we sungatymyzy giňden öwrenmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimize çäksiz  alkyşlar aýdyldy.

Biz hem  geljekde Watanymyza mynasyp nesli kemala getirmekde özlerimiziň mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI