Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimiziň iň gowy däp-dessurlarynyň ösdürilmegine we dowam etdirilmegine aýratyn uly ähmiýet berýär. Şeýlelikde, däp-dessurlarymyzyň durnuklylygy hem üýtgewsizligi netijesinde türkmen medeniýeti dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun eýeleýär. Döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertler gadymy milli medeniýetimiziň hil taýdan täze ösüşe eýe bolmagyna, döredijilik ýörelgeleriniň ösmegine , dünýäniň ähli halklary bilen medeni hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny açmaga , milletimiziň taryhy medeni-mirasyny giňden wagyz etmäge ýardam berýär.
Şeýle işleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary hem uly ähmiýete eýedir. Alym Arkadagymyzyň “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda milli medeniýetimiziň taryhy örün gadymy döwürlerden –irki ýaşaýyş mesgenleriniň, ekerançylygyň we siwilizasiýa ojaklarynyň emele gelmeginden başlap, üznüksiz özgeriş hökmünde seljeriş berilip Jeýtunyň, Altyn depäniň, Goňruň, Nusaýyň, Merwiň, Köneürgenjiň medeniýetiniň özboluşlylygy görkezilýär. Bu barada kitapda şeýle beýan edilýär: “Türkmenistan-Änew, Altyndepe, Margiana, Ürgenç, Maşat-Misserian, Şähribossan , Amal, Namazdepe Abywerd, Nusaý we köpsanly beýleki ýadygärlikler ýaly, dünýä ylmynyň üns merkezinde duran, özüne müňýyllyklaryň taryhyny siňdiren ýüzlerçe arhitektura we arheologiýa ýadygärliklerine, medeni-ruhy gymmatlyklara baý ülkedir”.
Hut şu nukdaýnazardan, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi, Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde gurnamagynda “Kerwen ýörän bu ýollarda geçmişe syýahat, geljege buýsanç!” ady bilen maslahat duşuşygyny geçirdi. Maslahat duşuşygyna, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň hünärmenleri we işjeň agzalary, talyp ýaşlar hem-de muzeý işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Töre Nobatow ilkinji bolup çykyş etdi we alyp bardy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow we çagyrylan myhmanlar çykyş etdiler. Olar taryhy geçmişimizi, şu günümiz, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri we muzeý gymmatlyklary dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Maslahatyň dowamynda Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözler belentden ýaňlandy.
Annamuhammet BABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.