Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde tassyklaşan meýilnamasy esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetlerini terbiýelemek maksady bilen Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyp oglanlarynyň arasynda “Ogul atadan görelde almasa öwüt almaz” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny gurnady. Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň uly buhgalteri Mergen Herzetow, Mary şäheriniň ýaşaýjysy il sylagly ýaşuly Allaýar Ýalkabow, Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Allaberdi Durdyýew hem-de mekdebiň mugallymy Hoşgeldi Berdimyradow dagylar çykyş edip olar öz çykyşlarynda häzirki bagtyýar zamanamyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaş nesliň okamagy, terbiýe almagy üçin döredilýän möhüm şertler, ýaşlara bildirilýän uly ynam, belent ruhly nesliň kemala gelmeginiň şu günüň esasy wezipeleriniň biridigi barada belläp geçdiler.
Annagözel SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri