Ata Watanymyzda okgunly ösüşe eýe bolýan oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Çünki agzybir halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyny ýokary derejä çykarmak, azyk bolçulygyny döretmek, dokma senagatyny çig mal bilen üpjün etmek oba hojalygynyň ösüşi bilen şertlendirilýär. Bu toplumda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaýbaňlandyrylan, oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli önümleriň çykarylýan möçberini artdyrmaga gönükdirilen özgertmeleri geçirmegiň depginini güýçlendirmek babatda zerur çäreler görülýär. Häzirki wagtda oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilende, her welaýatyň toprak-howa şertlerini nazarda tutmaga, halkymyzyň baý ekerançylyk tejribesini başarnykly peýdalanmaga, häzirki zaman oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny işjeň ornaşdyrmaga, agrotehniki kadalary berjaý etmäge aýratyn ähmiýet berilýär.Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary bilen ýurdumyzda öndürilýän “ak altynyň” mukdary ýyl-ýyldan artýar. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Watan harmanyna 49 müň 500 tonna pagta tabşyrmaklygy maksat edinýän Garagum etrabynyň babadaýhanlary hem döwletimiz tarapyndan berilýän ýeňilliklerden, hemaýat-goldawlardan ruhlanyp, pagtanyň boldumly hasylyny ösdürip ýetişdirdiler.Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän kuwwatly, ýokary öndürjilikli pagta ýygyjy kombaýnlarynyň güýjünden netijeli peýdalanyp pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän şu günlerinde pagtany gysga möhletlerde ýitgisiz ýygnamak maksady bilen kämil tehnikalar üç çalşykda işledilýär. Pagta ýygymyna gatnaşýan ýygymçylara, kombaýnlaryň sürüjilerine, kärendeçilere öndürjilikli zähmet çekmekleri üçin ýeterlik iş şertleri döredilýär.
Ýakynda etrabyň “Baýramaly” daýhan birleşiginiň günortan arakesmede meýdan düşelgesinde etrap häkimliginiň, Medeniýet bölüminiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda medeni-köpçülik, aýdym-sazly dabara geçirilip, pagtaçylaryň armasy ýetirildi. Dabarada etrap Medeniýet bölüminiň bagşy-sazandalary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazyň şirin owazy günortan arakesmede “ak altynly” pellere ýaň saldy. Dabaranyň dowamynda pagta ýygymynda tapawutlanýan ýygymçylara we mehanizatorlara etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Geçirilýän aýdym-sazly dabaralar daýhanlarymyzy täze sepgitlere ýetmeklige ruhlandyrýar.
Sülgün AGAJANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň başlygy.