Ylham joşgunyndan dörän hazyna

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň her bir güni taryhy wakalar, şanly seneler, hoş habarlar bilen gurşalyp, halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrýar. Baş halypamyz, alym Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan döreýän ajaýyp eserlerini il-günümize yzygiderli peşgeş bermegi indi asylly däbe öwrüldi.Hemmämize mälim bolşy ýaly, 10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyna gabatlap Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 14-nji jildini ýazyp tamamlandygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp ensiklopedik kitaby diňe bir saglyk ulgamynyň işgärleri üçin däl, eýsem, bütin halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly sowgat boldy.

Alym Arkadagymyzyň ylham joşgunyndan dörän bu ylmy işi ýurdumyzyň baý ösümlikler dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylaryň giň toparyna niýetlenendir. Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsiniň özboluşly gözelliklerini özünde jemleýän täze kitabyň sahypalary owadan suratlar bilen bezelipdir we kitapdaky her bir ösümligiň dermanlyk häsiýeti, peýdalanylyşy giňden beýan edilipdir. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüm müdiri Jennet Orazowa, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew, Türkmensitanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap komitetiniň işgäri Mähri Geldiýewa, Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Agzybirlik geňeşiginiň ýaşaýjysy Narmeňli Allakowa dagylaryň gatnaşmaklarynda Ýolöten etrap tokaý hojalygyndaky medeniýet öýünde edara-kärhanalarda, etrap bilim bölüminde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Ylham joşgunyndan dörän hazyna” ady bilen  Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”atly kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy gymmatly eserleri bilen begendirip durýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň höwri köp, döwlet galamy ýiti bolsun!

 

Meretgeldi ANNAKULYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň başlygy

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI