Gyzykly geçen bäsleşik

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary  bilen döwlet derejesine göterilýän ýaşlar syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär. Ýaşlarymyzyň bilimli, ylymly, beden we ruhy taýdan sagdyn, hemmetaraplaýyn kämil, watansöýüji we ynsanperwer şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Gojaman taryhyň syrly sahypalaryna nazar aýlanyňda, ähli döwürde ýaşlaryň her bir ýurduň, her bir jemgyýetiň esasy sütüni, her bir halkyň dowamaty  hasaplanylandygyny görmek bolýar. Dünýä ykraryna öwrülen bu mizemez hakykatlar ata Watanymyzda has-da belentden dabaralanýar. Ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirmekde giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, watansöýüji, milli ruhda terbiýelenen ýaşlaryň bilimine we ukyp- başarnygyna daýanylýar.  “Geljek” hem-de “ýaşlar” diýen düşünjeleriň umumy baglanşygyna, Watan hem-de ýaş nesliň bir bütewiligine hormatly Arkadagymyzyň bagtyýar ýaşlarymyza “Geljek siziň bilendir!” diýip ýüzlenmeginden hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýürekleri belent ynamly bagtyýar ýaşlarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşleriň batly depgini bilen des-deň gadam urýarlar. Durmuş gözelligi, Watan ezizligi, bagtyýar duýgusy  ýaş nesillerimiziň kalbyny rowaçlyk nepesi bilen nurlandyrýar. Şol nur hem döredijilikli zähmet çekip, okap hem işläp, Watanyňa şöhrat getirip ýaşamaga ruhlandyrýar. Şeýle maksatlardan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň orta mekdeplerinde döredijilik bilen gyzyklanýan  ýaşlaryň arasynda taslama taýynlamak, döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlaryň arasynda surat çekmek, okuwçy gyzlaryň gatnaşmagynda el işleriniň hünärini görkezmek maksady bilen “Parahat dünýäm” ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi.  Bu bäsleşige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, etrap bilim bölüminiň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy, Ilkinji ýaşlar guramasynyň agzasy Begenç Myradow, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Gurbansoltan Saryýewa, Ýolöten etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň suratkeş mugallymy Akmyrat Rozyýew, Ýolöten etrabynyň älemgoşar çagalar ýetginjekler bölüminiň müdiri Ýagmyr Saparow dagylar eminlik edip baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Uzukjemal ÖMÜROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçlyk

bölüminiň esasy hünärmeni

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI