“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň 18–nji bendinden ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan dörän eserleriniň ähmiýetini ýaşlara giňişleýin düşündirmek we olary watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi, Mary welaýat kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda “Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary-ömürlere şamçyrag” ady bilen maslahat duşuşygyny geçirdi. Oňa TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň başlyklary we işgärleri, Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalarydyr, ýokary okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseriniň bütin halkymyz üçin, esasan-da ýaşlar üçin gymmatly gollanma bolup durýandygyny we terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny buýsanç bilen belledi. Soňra maslahata gatnaşyjy myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy” romanlary, “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” we “Garaşsyzlyk-bagtymyz”.ýaly birnäçe eserleri barada giňişleýin durup geçdiler. Maslahatyň dowamynda şeýle gymmatly eserleri halkymyza peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler belentden ýaňlandy.
Annamuhammet BABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri