“Ýaşlar-jemgyýetiň ygtybarly hereketlendiriji güýji”

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmakda uly tagallalar edilýär. 

 Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň,welaýat kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda “Ýaşlar-jemgyýetiň ygtybarly hereketlendiriji güýji ”ady bilen Mary welaýat kitaphanasynyň muzeýine gezelenç çäresini gurnady. Guralan gezelenje Ýaşlar guramasynyň işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň  talyp ýaşlary we TMÝG-niň işjeň agzalary gatnaşdylar. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriniň Meýilnamasyndan ugur alyp, ýaşlaryň arasynda milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek hem-de taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek maksady bilen guralan gezelenç ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Biz hem  gelejek-de eziz Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek-de özlerimiziň mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Maýa AKMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

umumy bölüminiň esasy hünärmeni

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI