Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Ýaşlaryň mümkinçiliklerini amala aşyrmaklary, şahsyýet hökmünde başarnyklaryny görkezmekleri üçin ähli şertleri döretmeli ” diýip beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde gurnamagynda “ Watanyň kuwwaty- geljegi ýaşlar” ady bilen maslahat duşuşygyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň wekilleri hem-de institutyň mugallymlarydyr talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda myhmanlar çykyş edip, olar „Halkyň Arkadagly zamanasy“ ýylynyň rowaçlyklar bilen utgaşýan günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII Gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi, hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi hem-de Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek barada beren tabşyryklary dogrusynda buýsançly gürrüň berdiler. Maslahatyň soňunda çärä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza soňsuz alkyşlar aýtdylar.
Röwşen HOMMADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.