Sport-ýaşaýşyň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän özgertmeleriniň netijesinde Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda ösen sport ulgamyna eýe bolan, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde uly tejribe toplan, halkara sport hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýan ýurdy hökmünde  dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar. Munuň şeýledigini, paýtagtymyzda sebitde  deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň döredilmegi, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň we       2018-nji ýylda “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisiniň we Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň hem-de halkara derejedäki beýleki ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegi bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar.  

Bilşimiz ýaly, “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda ” kesgitlenilişi ýaly, ýurdumyzyň halkara sport hyzmatdaşlygyna  goşulyşmagy  esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda Türkmenistan döwletimiz daşary ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we degişli halkara guramalary bilen  köptaraplaýyn  özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Döwletimiz daşary ýurtlar bilen sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça 70-e golaý dürli hökümetara  we pudagara derejedäki resminamalara gol çekdi. Bu ugurda ýurdumyz BMG, ÝUNESKO, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrýar. Ýurdumyz Olimpiýa nyşanlaryny  gorap sakalamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna hem goşuldy we ÝUNESKO-nyň  sportda doping serişdelerini ulanmaga garşy göreşmek boýunça Halkara Konwensiýasyny tassyklady. Bir söz bilen aýdanymyzda, Türkmenistan döwletimiz sportuň we bedenterbiýäniň ösen ýurdy hökmünde dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sport ussatlygynyň hili has hem kämilleşdirildi. Muny türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryndaky gazanan üstünlikleri hem aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylda türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, 10 medal gazanan bolsa, soňky ýyllarda bu görkeziji has hem köpelip, gazanýan medallarynyň sany barha artýar.  “Döwlet derejesinde ýaş türgenlerimiz üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz” diýip, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz bellep geçýär. 

Ähli welaýatlarymyz bilen bir hatarda biziň Mary welaýatymyzyň türgenleri hem Dünýa, Aziýa we halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp üstünlikli baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýagny,2022-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda “Aziýanyň çagalary”atly VII  halkara sport oýunlarynda MAry şäheriniň  2-nji sport mekdebiniň türgeni  Aly Sytdyýew Grek-rim göreşi boýunça III orna mynasyp bolmagy, Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde geçirilen  V Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda Agyr atletika boýunça MAry şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň türgeni  Hojamuhammet Toýçyýewiň III orna mynasyp bolmagy  ýurdumyzyň we welaýatymyzyň taryhy we buýsançly wakasyna öwrüldi. Diňe bular bilen çäklenmän eýsem, 2021-nji ýylda Şrilanka, Gazagytsan, Hindistan we Özbegistan Respubilakasynda geçirilen bäsleşiklerine Mary welaýatymyzdan ýaş türgenlerimiz gatnaşyp, I, II we III orunlara mynasyp boldular. Bu netijeleriň ählisi, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň  ýurdumyzda  ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek  ugrunda dowam etdirýän syýasatynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. 

Ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleriniň ösdürilmegi, oňa halk köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şeýle işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzda ýene bir ýola köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň belent derejelere çykmagyny şertlendirýär. Watandaşlarymyzyň, esasan-da geljegimiz bolan ýaşlaryň beden we ruhy sagdynlygy hakyndaky döwlet derejeli aladalar ýurdumyzda ynsan durmuşynyň ähli ugurlarynda aýdyň ýüze çykýar.

Mälim bolşy ýaly,  döwletimizde ýaşlar hem-de sport syýasaty utgaşyklylykda alnyp barlyp, bu syýasatyň durmuşa geçirilmeginde ýaşlara uly orun degişlidigi hemmä aýan, hemmä hakykat. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly , öz saýlap alan hünärlerinden ezberlik bilen baş çykarýan adamlar bolup  ýetişmekleri, ýaş türgenleriň täze nesliniň, onda-da berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny halkara sport giňişliginde belende göterip bilýän ussat türgenleriň kemala gelmegi üçin hem ýurdumyzda uly tagallalaryň edilýändigi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Şol tagallalaryň aýdyň netijelerine bolsa, biz dünýä derejesinde geçirilýän dürli ders hem-de ylmy bäsleşiklerde, iri sport ýaryşlarynda ýaşlarymyzyň gazanýan ýokary üstünlikleriniň mysalynda şaýat bolýarys.  

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda badalga berlen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, şeýle hem köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we olimpiýa hereketleriniň üsti bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini esasanam, ýaşlaryň arasynda has-da ýaýbaňlandyrmak, ýaş nesilleri ähli taraplaýyn kämil adamlar edip ýetişdirmek babatdaky beýik işleriň dowamat-dowam bolýandygyny bellemek örän ýakymlydyr.

Şeýle işleriň netijesinde  biziň Mary welaýatymyzda hem  dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehniki sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan sport desgalary, sport mekdepleri hem-de suw toplumlary gurlup ulanylmaga berlip, olar ýaşlaryň , sport söýüjileriň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Munuň şeýledigine, welaýatymyzyň çäginde “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň ajaýyp günlerinde geçirilýän bäsleşiklerdir, dabaralaryň mysalynda hem görmek bolýar.

Bir söz bilen aýdylanda Sport- Arkadagly zamanamyzyň merdana we mynasyp ogul-gyzy, raýaty bolmaga mümkinçilik berýän hazynadyr.

Sport- her bir türkmenistanly türgeniň hem-de ýaşlaryň gursagynda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik we maksadaogunlylyk häsiýetlerini kemala getirýän güýçdir.

Şu pursatdan peýdalanyp, türkmen sportuny täze belentliklere çykaryp, Watanymyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, ýaş nesillerimiziň watansöýüji we berk bedenli ynsanlar bolup ýetişmekleri babatda uly tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, beýik başlary hemişe aman bolsun!

 

Maksat JANMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

Guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň

Mejlisiniň deputaty.

 

Meňzeş habarlar