Garaşsyzlyk-bagtymyzyň şygary

Türkmenistanyň täze taryhyny esaslandyran milli Garaşsyzlygymyzyň ýyllary halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyndaky düýpli özgertmeleriň ajaýyp miwesidir. Bu günki günde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda türkmen halky şanly Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miwelerini eýýäm 31 ýyldan bäri görüp gelýär.  Taryhyň sahypalarynyň ýanynda 31 ýyl umman damjalary ýaly hem bolsa, her bir ýylynyň, aýynyň we gününiň göwhere deňelýändigini aýtmak gerek. Mukaddes Garaşsyzlymyz bagtymyzyň gözbaşydyr. Şonuň üçin her ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni baýram edilip, häzirki günlerde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler yzygiderli guralýar. 

Golaýda Şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi mynasybetli Mary etrap medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň guramagynda “Garaşsyzlyk-bagtymyzyň şygary” ady bilen  dabaraly maslahat geçirildi.

Geçirilen  bu çärede maslahata gatnaşyjylar mukaddes Garaşsyzylygymyzyň ýyllary içinde döwletimiziň içeri we daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça edýän tagallalary, il bähbitli başlangyçlary dogrusynda hem-de  şanly Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň üstünlikli  geçirilmegi we hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi dogrusynda gürrüň edildi. Maslahatyň soňunda çärä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza hem-de Watanyň beýik oglunyň mynasyp dowamy Arkadagly Serdarymyza soňsuz alkyşlar  aýtdylar.

 

Parahat Haşymow,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

 guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap

 Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar