GYZ BUKJASYNYŇ BEZEGI

Ogul öýerilse-de, gyz durmuşa çyksa-da, toý boljak öýleriň hysyrdysy ýetik bolýar. Toýa öňünden taýýarlyk görülýär. Muňa enelerimiz, ejelerimiz «süýji alada» diýýärler. Gyzlar üçin toý taýýarlygy has ir, heniz gyzjagaz wagty bukja ýygnap başlaýarlar. Toýlarda, üýşmeleňlerde gyzlar ýygnanyşanda, bukja hakda-da gürrüň açylýar. Gyzlar tanyş joralarynyň, deň-duşlarynyň durmuşa çykanda alyp giden bukjalarynda gören zatlaryny aýdyp, bukja bäsleşigini deňeşdirýän ýaly gürrüň edýärler. Bukja diýlip äkidilýän zatlary eşideniňde, käte alada galýarsyň. Sebäbi käbir ýerde gyz bukjasyndaky zatlary sanap tükeder ýaly däl. Öňler bukja tikilgi köýnekler, matalar salnar eken. Häzir bolsa bulardan başga onlarça köwüşler, gyňaçlar, öýmeler, hatda atyrlar we beýleki kosmetiki önümler hem ýygnalýar. «Bukja çatmak» diýen dessur birnäçe güne çekýär. Dürli alajalar, gaşlar, monjuklar bilen bezelip, ykjam ýerleşdirilip, daşy daňylýan onlarça bukjalar, sandyklar üçin gelnalyjyda ýörite awtoulag berkidilýär. Bu zatlar bolsa bolçulygyň, gowy durmuşyň alamaty. Bukja hakda her gyzyň öz pikiri bar. Bukja hakda ene-mamalarymyzyň öz sözi bar. Olaryň aýtmagyna görä, bukja durmuşa çykýan gyzyň el hünärine ökdeligini görkezmek üçin gerek bolupdyr. Gyzyň bukjasyna oglan tarapyň garyndaşlary ýörite synlar eken. Bukjadaky, aýna darak salynýan elbukjadaky, köýnekleriň ýakasyndaky nagyşlara syn edip, täze gelniň çeperligine baha berer ekenler. Bukja geýimleriniň ählisi gelniň öz el hünäri bolmaly eken. Çaklaňrak goşa bukjadaky zatlar täze gelin üçin gaýyn öýünde oňat ornaşyp, özbaşyna öý-ojak bolýança ulanmaga ýetýär eken. Hatda käbir zenanlaryň bukja geýimlerini aýap, gyzlaryna, agtyklaryna sowgat edendiklerini hem aýdýarlar. Bir üýşmeleňde şeýle gürrüň bolýar: durmuşa çykýan gyzyň garryja enesi uzak ýyllarda aýap saklan, öz bukjasyndan galan ýalpyldawuk, älemgoşar ýaly öwsüp duran matany agtygyna sowgat edipdir. Öz döwründe ýoň bolan bu matany agtygy bukja çatmaga göwnemändir. Enäniň hem göwnüne degesleri gelmäni üçin, olar matadan ahyrsoňunda bukja daşy tikip, bu ýagdaýdan çykalga tapypdyrlar.

Sülgün PIRIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar