Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynyň ösdürmekde oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu, bolsa ýurdumyzyň babadaýhanlaryny halal zähmet çekip, ene topragyndan bol hasyl almaga ruhlandyrýar. Halk hojalygynyň möhüm ugry bolan oba hojalygynda hem tarypa mynasyp işler amala aşyrylýar. Bu pudakda durmuşa geçirilýän özgertmeler halkyň ýaşaýyş- durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Daýhanlar tohum, suw, dökün, oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edilmegi, döwlete tabşyrylýan önüm üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegi her bir ýer eýesini ene topragymyzdan bol hasyl öndürmäge ruhlandyrýar. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Ýolöten etrabynda hem pagta meýdanlarynda bol hasyly kemala getirmek işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda etrabyň pagtaçy kärendeçileri gowaçaly meýdanlara edilýän ideg işlerini ýokary guramaçylykly ýola goýulýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndyka Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi, Ýolöten etrap häkimligi, etrap bilim bölümi, etrap medeniýet bölümi we beýleki Jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmaklarynda Ýolöten etrabynyň Pagtaçylyk institutynyň pagta meýdanynda, pagtaçy kärendeçileriniň armasyny ýetirmek maksady bilen “Zähmet- üstünligiň açary” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu aýdym-sazly çärede öňdebaryjy babadaýhanlarymyza Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Işlemek üçin ähli şertler döredilen bu ajaýyp döwründe – Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda uludan toýlanjak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylap, döwlet harmanyna “ak altynyň” bol hasylyny tabşyrmak her bir pagtaçy kärendeçiniňe esasy maksady bolup durýar.
Işleýäniň gadyry bilnip, halal zähmet bilen baýamaga giň ýol açýan, öndürijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döretýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuwladylar.
Türkmenistan Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mar welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçlyk
bölüminiň müdiri Jennet Orazowa