Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň mekany hökmünde at-owazasy älem jahana dolan ýurdumyzda umumadamzat bähbitli möhüm başlangyçlar rowaç tapýar. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde ykbal özgerdiji güýç kuwwatynyň bardygyny biz her pursat duýýarys. Netijede, ata-babalarymyzyň arzuwdyr-yhlasyndan boý alan arzuw daragtyna şu ýyl 31 ýyl dolýar. Taryhyň sahypalarynyň ýanynda 31 ýyl umman damjalary ýaly hem bolsa, her bir ýylynyň, aýynyň we gününiň göwhere deňelýändigini aýtmak gerek. Şeýlelikde, ýurdumyz üçin amala aşyrylýan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ösüşleri ýaşlaryň durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Sebäbi, häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary, ertir ýurdumyzy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek ogul-gyzlarydyr.
Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, welaýat kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda “Hormatly Prezidentimiziň bagtyýarlyk ýoly – türkmen ýaşlarynyň durmuş ýörelgesidir” ady bilen Mary welaýat kitaphanasynda maslahat duşuşygy geçirildi. Bu geçirilen maslahata Ýaşlar guramasynyň işgärleri, ýokary okuw mekdebiň talyp ýaşlary we işjeň agzalar gatnaşdylar. Maslahatda myhmanlar çykyş edip, olar Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde Türkmenistan döwletimiziň gazanan belent üstünlikleri hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň rowaçlyklar bilen utgaşýan günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi, oňa Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagy hem-de maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi dogrusynda gürrüň etdiler. Maslahatyň soňunda çärä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza soňsuz alkyşlar aýtdylar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Aýjeren Geldiýewa