“Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz”

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir, şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasynyň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde taryhy we medeniýet ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. Olardan «Nusaýyň Parfiýa galalary» döwlet medeni-taryhy ýadygärligi hataryna 2007-nji ýylda hasaba alyndy. Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugrunda ýerleşen Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly türkmen şäherleriniň ýadygärlikleriniň taryhy barada baý maglumatlary körpeje diňleýjilere:  Türkmenistanyň medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň Nusaý taryhy medeni Döwlet goraghanasynyň bölüm müdiri Ogultäç Saçlyýewa gürrüň berdi.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 30 okalan

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

08 Iýul 2025 | 28 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 24 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR