Eziz Watanymyz Türkmenistan diýarymyzda indi her ýyl ýurdumyzyň mukaddes baýramy bolan Garaşsyzlyk baýramynyň öňisyrasynda ilatyň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Halk maslahatyny geçirmek asylly däpleriň birine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly şol asylly däp, “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylan ýyl bolan şu ýyl hem dowam etdirildi. Asylly däplere eýerip ýurdumyzyň geljegine hem-de halkymyzyň durmuşyna degişli möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilýän Halk maslahaty Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şu ýyl Döwlet maslahaty görnüşinde dowam etdirildi.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde has takygy şu gün Paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde “Watan halky bilen Watandyr, Döwlet halky bilen döwletdir” diýen ajaýyp taglymaty öňe süren Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda Döwlet maslahaty geçirilip bu waka ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Geçirilen Döwlet maslahatynda Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dürli ugurlarynda: ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport, elektrik energetika, nebitgaz we beýleki pudaklarda ýetilen sepgitler, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş raýatlarymyzyň gazanan ýeňişleri we ýaşlarymyza döredilýän mümkinçilikler şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ykdysadyýetimizi diwerisifikasiýa ýoly bilen sanly ykdysadyýete geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler hem-de ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda gazanan üstünlikleri barada çykyş etdi.
Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen syýasy-jemgyýetçilik çäresi bolan Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda, jemgyýetimizi milli demokratik ýörelgeler esasynda ösdürmek boýunça gazanylýan üstünlikleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de kämilleşdirmek, geljekde bu ugurlarda durmuşa geçiriljek döwlet ähmiýetli, giň gerimli işler barada halkymyzyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahat geçirilip, onuň barşynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän adamzadyň bähbidine gönükdirilen rehimdarlyk ýörelgelerine eýerip iş kesilen ýurdumyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň günälerini geçmek boýunça Hormatly Prezidentimiz degişli permana gol çekmegi we şol raýatlaryň iş bilen üpjünçiliginiň ýola goýulmagy bilen bagly aýdanlary ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladalaryň bimöçberdiginiň, şeýle hem Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň zähmetde tapawutlanan raýatlaryny sylaglamak boýunça degişli karara gol çekmegi, ýurdymyzda çekilen her bir halal arassa zähmetiň hiç wagt ünsden düşürilmeýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Türkmenistanyň Döwlet maslahatyna halkymyzyň dürli kärlerde zähmet çekýän raýatlar bilen bir hatarda ýaşlarymyzyň hem gatnaşmagy, ýaşlaryň ýurdumyzyň bähbidine gönükdirilen tutumly işlerde mynasyp ornunyň bardygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütleri şeýle hem sargytlarydyr öwüt-ündewleri tutuş halkymyz bilen bir hatarda biz ýaşlary yhlas bilen zähmet çekmäge we bilim almaga ruhlandyrýar.
Biz Ýaşlara işlemäge we ýokary hilli bilim almaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý mähriban Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.
Gurbanberdi Annanurow
Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäher Geňeşiniň
Umumy bölüminiň müdiri