Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Telekeçiler we Senagatçylar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de “Gujurly” bilim merkeziniň bilelikde gurnamagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň arkadagly zamanasy” ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň: “Ýaşlar mähriban Watanymyzyň geljegi. Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Şoňa görä-de, Ýaşlar guramasy ýaş nesillerimize zähmet terbiýesini bermekde hem netijeli işler alyp barmalydyr. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ýaş hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlarda ylmyň ugurlaryna çuň höwes döretmek hem-de zehinlerini artdyrmak we matematika dersi boýunça halkara olimpiýadalarda öňdebaryjy orunlara eýe boljak ýaş hünärmenleri, ýaş matematiklary taýýarlamak maksady bilen şu ýylyň 18-24-nji sentýabry aralygynda “Gujurly” bilim merkezinde bilim alýan mekdep okuwçylarynyň arasynda. “Ýaş matematik” ady bilen matematika dersi boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşikde Gujurly bilim merkeziniň diňleýjilerine öz ukyp başarnyklaryny açyp görkezmäge uly mümkinçilik boldy.
Geçirilen bäsleşikde 1-nji orny Aşgabat şäherindäki 135-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Akmuhammet Şöhratgeldiýew, 2-nji orny Aşgabat şäherindäki 135-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Soýençgeldi Bakyýew we 3-nji orny bolsa Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Gutlymyrat Gutlymyradow mynasyp boldy.
Bäsleşige gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşajyk matematiklere hem-de bäsleşige gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de GBM-niň ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuruldy.
Biz Ýaşlara işlemäge we bilim almaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý olaryň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Amanberdi ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniňmedeniýet we köpçülikleýin
habar beriş bölüminiň müdiri.