Ýaşlaryň ýürek buýsanjy!

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ugurlarda okgunly öňe barýandygyny görüp her bir raýatymyz guwanmaga we buýsanmaga haklydyr. Çünki bu günki-gün ata Watanymyz Türkmenistan ykdysady-syýasy, medeni, ylym-bilim, saglygy goraýyş, oba-hojalygy, gurluşyk we aragatnaşyk, sport we syýahatçylyk ýaly dürli ugurlarda uly üstünliklere eýe boldy, elbetde bularyň hemmesiniň sakasynda bolsa biziň Arkadagly Serdarymyz bardyr. Hormatly Prezidentimiz hemme ulgamlar bilen bir hatarda ýaşlar syýasatyny hem öňe sürýär, muňa mysal edip Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy” kabul edilmegini hem belläp geçsek ýalňyşmarys. Ýaşlar hakyndaky olaryň ylymly we bilimli, sagdyn, giň gözýetimli, dünýä derejesinde pikirlenip bilýän, halkymyzyň gadymdan gelýän däplerini we umumyadamzat gymmatlyklary bilen utgaşdyrmaga ukyply bolan nesli kemala getirmek baradaky taýsyz tagallalary biz ýaşlary çäksiz buýsandyrýar hem-de uly maksatlara ruhlandyrýar. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşulan Türkmenistanda ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar we olaryň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Çünki ýaşlar bagtly geljegiň ýagty umytlary bolup durýarlar. Ýaşlar sagdynlygy, ruhubelentligi, kämil bilimi özlerine hemra edinip, ýurduň ösüşine goşant goşýarlar. Bagtyýar geljegimiziň özenini düzýän ýaş nesillerimizi watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda halkyň köp asyrlaryň dowamynda toplan baý durmuş tejribesine daýanylyp, ýaş raýatlaryň ruhy-ahlak medeni-aň-bilim, beden taýdan ösüşine ýokary terbiýäniň, döwrebap bilimleriň berilmegine, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin hukuk, durmuş, ykdysady şertleri döretmäge, sagdyn durmuş ýaşaýşyny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Elbetde yhlas bilen durmuşa geçirilýän oňyn işler özüniň miwesinide berýär. “Çekseň zähmet, ýagar rehnet” diýilişi ýaly Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Serdarymyz meniň hem çeken ujypsyzja zähmetime uly baha berdi, özüniň Şa serpaýy bilen “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglady, meniň begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok. Menem öz gezegimde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň biz ýaşlara bildirýän ynamyndan ugur alyp gijämizi gündiz diýmän zähmet çekeris, goý  Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik alyp barýan içeri we daşary syýasatlary mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin.

 

Orazgül ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň Umumy bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 30 okalan

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

08 Iýul 2025 | 28 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 23 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR