Saglygym – baş baýlygym.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry saýylýar. Milli saglyk ulgamynda gazanylýan uly özgertmeler Hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygy baradaky beýik hakykatyň güwäsi bolup durýar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guramaklarynda “Sagdyn – durmuş bagtyýarlygyň gözbaşy” atly maslahat duşuşygy geçirildi.  Duşuşyga gatnaşanlar ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesine uýmak, sagdyn iýmitlenmek we zyýanly endiklerden daşda durmak barada wagyz-nesihat işleriniň yzygider geçirip durulmagynyň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem häzirki wagtda howanyň düzümindäki adam bedenine zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli ýüze çykýan dürli keselleriň öňüni almak üçin jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde arassaçylyk kadalaryny dogry ýerine ýetirmelidigini, şahsy gigiýena düzgünlerini berk berjaý etmekligi, daşary çykanyňda agyz-burun örtüklerini dakynmaklygy, köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklamaklygy, dogry we kadaly iýmitlenmekligi we dowamly hereketde bolmagy düşündirmek maksady bilen ýaş raýatlary uly giňişlikleri öz gerimine alýan, köpsanly döwletleriň we halklaryň durmuşyna täsirini ýetirýän ýiti respirator keseliniň garşysyna göreşmeklige çagyrmak boýunça Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň, dürli ulgamlarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çärelerini, maslahat-duşuşyklaryny, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri hem yzygider guraýar we bu işler häzirki wagtda hem dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde ilkinji we esasy şertimiz Watana bolan söýgimizdir!» diýen ajaýyp sözlerinden ruhlanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Milli Liderimiziň alyp barýan beýik döwletli işlerini, görkezýän şahsy göreldesini, belent maksatlaryny durmuşa geçirmäge mundan beýläk hem has işjeň gatnaşyp, ýaşlaryň arasynda alyp barýan syýasy-düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini mundan beýläk hem dowam etdirer.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2021 | 81 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.

18 Noýabr 2021 | 207 okalan

Saglygym – baş baýlygym.

16 Noýabr 2021 | 313 okalan

ADY ARŞDA ARKADAGLY ÝAŞLAR