«Soňky jaň dabarasy»

2021-2022-nji okuw ýylynyň „Soňky jaň“ dabarasy „Bagtyýarlygyň uçurymlary“ atly şygar astynda welaýatymyzyň Merkezi kitaphanasynyň öňündäki meýdançada aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Şatlyga beslenen bu dabarada Balkan welaýatynyň  Baş Bilim müdirliginiň, TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň işjeň agzalary, tejribeli mugallymlar, welaýat we şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, ýaş uçurymlaryň ata-eneleri, deň-duşlary gatnaşdylar. Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlanan dabarada hormatly Prezidentimiziň welaýatymyzyň bilim işgärlerine, mugallymlara, mekdep uçurymlaryna, gutlagy okaldy. Mugallymlar, ata-eneler mekdebi tamamlap uly durmuşa gadam basýan uçurymlara ýürek tolgunmadan, buýsançdan doly sözlerini aýtdylar, hemişe ýagşylygyň tarypyny tutyp, tutanýerlilik hem maksada okgunlylyk bilen öňe tarap gadam urmagy, yhlasly zähmet bilen ene topragyň halal duzyny haklamagy sargyt etdiler. Soňra “Soňky jaň“ dabarasynda mekdebi has tapawutly bahalar bilen tamamlan uçurymlara, şeýle hem “Çagalyk öýünde” terbiýelenýän orta mekdebini tamamlaýan uçurymlara TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Asmana uçurylan ak kepderiler arşa göterilen ak arzuwlary ýada salyp, göwünlere ganat berdi. Hemmeleri gurşap alan ruhybelentlik il agzybirliginiň, ýurt asudalygyň altyn binýadyny has-da berketdi. Watanymyzyň abadançylygy, ýurdumyzyň parahatçylygy, ilimiziň  agzybirligi, jebisligi we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.  Soňra çeper höwesjeňleriň Watanyň, il ýurdyň, döwletli döwranymyzyň waspyny edýän şirin owazly aýdym-sazlarydyr joşgunly tanslary, küşdepdileri, gazallary belentden-belent ýaňlanyp, ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

 

Gültäç Alyhanowa,

TMÝG-niň Balkan welaýat

Geňeşiniň umumy bölüminiň müdiri.

 

Indiki makala

Awaza

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 258 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 213 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 1811 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.