Awaza

           Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň gurnamagynda Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky “Alemgoşar” seýilgähinde dynç alýan çagalaryň, ýetginjek ýaşlaryň arasynda dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda aýdym-saz ýaňlanyp, dürli sorag jogap alyşmalar, dürli oýunlary we tans bäsleşikleri ýerine ýetirmek ýaly şowhunlar  has täsirli boldy. Bäsleşige gatnaşan çagalar, ýaşlar we dürli ýaşdaky raýatlar bäsleşigiň alyp baryjysy tarapyndan berilen zehin soraglara uly höwes we gyzyklanmalar bilen jogap berdiler. Bäsleşigiň dowamynda häzirki zaman we klassyk şahyrlarymyzyň döredijiliginden goşgular, dürli dillerde şygyrlary labyzly ýerine ýetirmek ýaly ýaryşlar hem gurnaldy. Bäsleşikde tapawutlanan çagalara we ýetginjek ýaşlara, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan  dürli sowgatlary dabaraly gowşuryldy. Gurnalan dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

           Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan gurnalan şowhunly dabaranyň  çäklerinde “Älemgoşar”  seýilgähinde medenýetli dynç alýanlar çagalar we myhmanlar üçin sungat eserleriniň ýörite sergisi gurnaldy. Çeperçilik bilen meşgullanýan çagalaryň ýurdumyzyň tebigaty milli mirasymyz we bagtyýarlyk döwrümiz ýaly temalardan gözbaş alynyp çeken suratlary dynç alýan çagalarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp köp sagbolsunlaryny aýtdylar.

 

GURBANMYRAT ABDYLWELIÝEW

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň

 esasy hünärmeni.

Öňki makala

«Soňky jaň dabarasy»

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 2862 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 1839 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 3218 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.