Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ähli ulgamlar ösüşlere beslenýär. 2021-nji ýyl «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz hem hoş habarlary bilen taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Her bir hünärde okamak, zähmet çekmek, täze açyşlar bilen Watanymyzyň abraýyny belende götermek üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilen. Bu döredilen şertler bolsa her birimiziň hünärli gollarymyzy has-da kuwwatly bolmagyna we döredijilikli işlerimiz bilen bildirilýän ynamlary ödemeklige ruhlandyrýar. Bu jümleler esasynda bu günki Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýyny ýene bir gezek belende göteren, sportuň agyr atletika görnüşi boýunça 45 kilogram agram derejesinde üstünlik gazanan talyp türgen gyzymyz Ýulduz Jumabaýewanyň adyny uly buýsanç bilen aýdyp bolar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby, türgen gyzymyz Ýulduz Jumabaýewa häzirki wagtda altyn medallaryň eýesi bolup, ýaşlaryň arasynda Dünýä rekordyny täzeledi. Şol mynasybetli-de, Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türkmen türgen gyzymyz Ýulduz Jumabaýewa mynasyp bolan altyn medallary gowşurdy. Ýurt Baştutanymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda geçirilen bu dabara örän täsirli we buýsançly boldy. Şeýle şatlykly pursatlardan soň biz hem talyp türgen gyzymyz bilen gürrüňdeş bolup, onuň ýürek buýsançlaryny ýazga geçirdik.
Ýulduz, ilki bilen gazanan ýeňşiňiz we Şa serpaýlaryňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Hemmämize mälim, mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen türkmenistanly raýatlaryň bagtyýar ýaşamagy, ýaşlarymyzyň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilen.
Hoş habaryň gelmegi, mähriban Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak gazanan ýeňşiň ählihalk tarapyndan gyzgyn garşylanmagy onuň sebäbinde Seniň adyň tutulmagy örän uly buýsanç hemde bagt bolsa gerek.
– Elbetde, bu habaryň gelmegi, Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmagym meni has-da tolgundyrdy, buýsandyrdy we täze ýeňişleri gazanmaga höweslendirdi. Aslynda buýsançly jümlelere başlanymda ilki bilen men özümiň türkmendigime, parahat ýurtda Gahryman Arkadagymyzyň biz ýaşlar baradaky edýän aladalarynyň astynda dem alýandygyma, döwrebap binalarda okap bilim alýan, ähli amatlyklary bolan sport desgalarynda türgenleşik geçýän bagtyýar talyp türgen gyzydygyma buýsanýaryn. Türkmenistanly ýaşlaryň öz saýlan hünärlerini ele alyp, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga döredilýän mümkinçilikleriň bardygyna buýsanýaryn. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, azajygam bolsa türkmen sportunyň taryhyna mynasyp goşant goşýandygyma buýsanýaryn.
Ýurdumyzyň taryhynda agyr atletika boýunça dünýä çempiony bolan ilkinji zenan türgen bolmak, dünýä çempiony bolup, altyn medaly türkmen sportunyň Hak howandary mähriban Arkadagymyzyň elinden almak, mähriban Arkadagymyzyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medaly bilen sylaglanmagym, döwrebap awtoulag sowgat berilmegi meniň we maşgalamyň durmuşyndaky ýatdan çykmajak aýratyn ýatlamalary döretdi.
Şu pursatda biz ýaşlara öz saýlan ugrumyz bolan sport görnüşleri bilen meşgullanmagymyza döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Goý, eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Ýulduz, bagtly pursatlarda begenjiňizi biz bilen paýlaşanyňyz üçin köp sagbolsun aýdýarys. Mundan beýläkde gursagy medally, goly ýaşyl tugly türkmen türgen gyzy hökmünde mähriban Arkadagymyzyň ýaşlar üçin döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp ynam ödeýän ýaş nesillerimiziň arasynda adyňyzyň mydama çykyp durmagyny arzuw edýäris.
– Sagboluň!
Ýulduz Jumabaýewa bilen gürrüňdeşligimizden soň ýüregi buýsançly, gözleri begenç gözýaşlaryna doly ata-enäniň deňinde eglendik. Perzent ynsanyň dowamaty, at-abraý bilen gujagyňa dolan perzendiň üstünligine guwanmak ykbalyň ynsana eçilen iň uly peşgeşi.
Elbetde, ýaşlygyna garamazdan ýurduň taryhyna adynyň ýazylmagy, eziz Arkadagymyzyň gutlagly sözleriniň, Şa serpaýlarynyň eýesi bolmak dünýädäki iň uly bagt. Bagtly pursatlaryňa ýakynlaryň şaýat bolup, ata-enäniň perzent tarapyndan Ýurt Baştutany bilen didarlaşmagyna sebäp bolmak bu hakykatdan-da hakyky perzent we Watan gyzy boldugyň. Dünýäde perzendiniň üstünligine guwanýan ata-enäniň ömri uzak, alkyşly sözleri mydama zybanyndadyr. Bu günki gün Döwlet derejesinde bellenilýän bu dabara gözli şaýat bolan ata-enäniň kalplary buýsançdan doly:
Jumabaýew Alymbaý,
Ýulduz Jumabaýewanyň kakasy:
– Bu günki gün şatlygymy nähili beýan etsemde az. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi babatynda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlarymyzyň berk bedenli, sagdyn we giň dünýägaraýyşly bolmaklary ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün hem perzendimiz Ýulduzyň gazanan ýeňşini gutlamak we sylaglamak dabarasyna hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagy biz üçin ähli maşgalamyz üçin uly buýsanç. Ata hökmünde ähli halkymyza, her bir ata-enäniň şeýle pursatlara mynasyp bolmagyny arzuw edýärin.
Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, umumadamzat bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Kerimbaýewa Emine,
Ýulduz Jumabaýewanyň ejesi:
– Ýürekden çykan söz ýürege barýar – diýýärler. Mähriban Arkadagymyzyň gutlagly sözlerini, dabaraly ýagdaýda gyzymyz Ýulduzyň üstünligini sylaglamagy, has-da dabarada eziz Arkadagymyzyň perzendimize «Berekella» diýen jümlesini eşitmek ene kalbymy dünýäniň bagt atly gudratly düşünjesiniň çür depesine çykardy. Ata-ene perzendi dünýä inderip, olarda özleriniň dowamatyny görýär. Bu dowamatyň at-abraý getirmegi, ýurt Baştutanymyzyň, Watanymyzyň, halkymyzyň ynamyny ödemegini görmek bolsa ene kalbymy heýjana salýar.
Şeýle ajaýyp pursatda halkymyza asuda, parahat ýaşaýşy bagyş eden, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklaryna, sport bilen meşgullanmaklaryna döredip berýän mümkinçilikleri üçin mähriban Arkadagymyza ene kalbymdan köp sagbolsunlarymy aýdýaryn.
Goý mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Şaperi OTUZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň hünärmeni.