10-njy martda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň “Sport” myhmanhanasynda halkara sport ýaryşynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň dünýädäki sport abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant goşan türkmen türgenini, onuň tälimçisini we Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny sylaglamak dabarasy geçirildi.
“Sport” myhmanhanasynyň eýwanynda ýurdumyzyň ýokary derejeli sporty ösdürmekde gazananlary, türkmen türgenleriniň halkara we dünýä ýaryşlarynda mynasyp bolan abraýly baýraklary barada gürrüň berýän giňişleýin sergi, şeýle hem şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň degişli Permany okaldy. Oňa laýyklykda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge goşan şahsy goşandy, halkara ýaryşlarynda mähriban Watanymyzyň sport abraýyny goramakda uly üstünlikleri gazanandygy üçin Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medaly bilen sylaglandy. Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, oňa 2020-nji ýylda goýberilen, aň reňkli “Lexus LX 570 Sport Plus” kysymly ýeňil awtoulagy sowgat berildi.
Görnüşi ýaly, Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň belende galmagyna şahsy goşant goşup, halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanýan türgenleri döwlet derejesinde sylaglamak asylly däbe öwrüldi.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy M.Sähetmyradowy “Watana bolan söýgüsi üçin” medal bilen sylaglamak hakyndaky Permany okaldy. Bellenilişi ýaly, bu sylag tälimçini has-da netijeli işlemäge we ýokary taýýarlykly ussat türgenleriň sanyny artdyrmak ugrunda zerur tagallalary etmäge ruhlandyrýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, tälimçi mugallym M.Sähetmyradowa halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeleýän türgenleri taýýarlandygy üçin täze ýaşaýyş jaýynyň açary gowşuryldy.
“Sport” myhmanhanasynda geçirilen dabaraly çärede döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly zähmet üstünlikleri üçin ýurdumyzyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewi Türkmenistanyň “Gaýrat” medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okaldy.
Sylaglara mynasyp bolanlar ýurdumyzda, sporty wagyz etmek, netijeli işlemek, dürli ugurlarda bolşy ýaly, sport ulgamynda hem uly üstünlikler gazanmak babatda ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar döredilýän oňyn mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanmak we ýaşlary beýik sport ýeňişlerine ruhlandyrmak ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.