Şu gün ýaşlaryň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgelerini we sanitariýa-arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini giňişleýin düşündirmek, möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak, şahsy gigiýenany berjaý etmek, agyz-burun örtügini talabalaýyk ulanmaklaryny düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Tagtabazar etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň okuwçy ýaşlarynyň arasynda “Sagdyn jemgyýet-berkarar döwlet” atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda O.Öwezberdiýewa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ýaşlaryň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, arassaçylyk düzgünleriniň berk berjaý etmeklik, agyz-burun örtügini dakynmak, 2 metr aralygy saklamak, şahsy gigiýenany, arassaçylygy berk berjaý etmeklik, barada giňişleýin gürrüň berdi.
M.Seýitjanowa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň başlygy.
Çäreler
SAGDYN JEMGYÝET-BERKARAR DÖWLET
15 Oktýabr 2020
12755

Meňzeş habarlar
08 Iýun 2022
| 52175 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
Awaza
28 Maý 2022
| 17774 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
«Soňky jaň dabarasy»
29 Noýabr 2021
| 16640 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>