Ýakynda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 4-12-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň Kerki etrap tapgyry Kerki etrabynyň bilim bölüminiň binýadynda geçirildi.
Bäsleşigiň 3 şerti bolup, 1-nji şerti maket ýasamak, 2-nji şerti surat çekmek, 3-nji şerti düzme ýazmak.
Bäsleşigiň 1-nji şerti boýunça: I orna Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň 7-nji «A» synp okuwçysy Jangeldiýew Döwletgeldi, II orna Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň 11-nji «A» synp okuwçysy Gündogdyýew Şöhrat, III orna Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 12-nji «B» synp okuwçysy Begenjow Serdar mynasyp boldylar.
Bäsleşigiň 2-nji şerti boýunça:
I orna Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 8-nji «B» synp okuwçysy Söhbetowa Oguldöndi, II orna Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň 12-nji «B» synp okuwçysy Gündogdyýewa Şöhle, III orna Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň 7-nji «B» synp okuwçysy Çöliýewa Enejan mynasyp boldylar.
Bäsleşigiň düzme ýazmak şerti boýunça:
I orna Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 27-nji orta mekdebiniň 12-nji «A» synp okuwçysy Meredowa Mähri, II orna Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň 12-nji «B» synp okuwçysy Bähbidowa Enejan, III orna Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň 12-nji «A» synp okuwçysy Berdiýewa Şirin mynasyp boldylar.
Bäsleşikde I, II we III orunlara mynasyp bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.