TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ ŞAN-ŞÖHRATY DÜNÝÄ ŞUGLA SAÇÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz özüniň gadymdan gelýän milli däp-dessurlaryny gorap saklamak we nesillerden-nesillere geçirmek, ony ýaş nesillere düşündirmek üçin uly işleri durmuşa geçirýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen alabaýynyň günini baýram etmek asylly däbe öwrüldi. Bu baýram ýurdumyzyň milli medeniýetiniň we buýsanjynyň nyşanydyr. Bu baýram alabaý itleriniň tohum arassalygyny gorap saklamagyň wajyplygyny, alabaýlary halkara meýdançasynda giňden tanatmak we türkmen alabaýlaryny kemala getirmek, olary ähli taraplaýyn ösdürmek ähmiýetini görkezýär.

Türkmen alabaýy – güýçliligi, çydamlylygy we wepadarlygy ýaly ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýän itleriň görnüşidir. Hakyky goragçy we wepaly ýoldaş hasap edilýän türkmen alabaýy özüniň wepalylygy we gaýduwsyzlygy bilen meşhurdyr. Haýbatly görnüşine we güýçliligine garamazdan, türkmen alabaýy duýgur we rehimli häsiýeti bilen hem tapawutlanýar we çuňňur baglanyşyk mümkinçiligine eýedir.

Soňky ýyllarda türkmen alabaýyna dünýäde gyzyklanmalar barha artdy. Bu görnüş, özleriniň batyrlygy, wepalylygy we çydamlylygy bilen giňden tanalýar. Müňýyllyklaryň dowamynda özleriniň güýçli we gaýduwsyz häsiýetlerini saklap gelen alabaýlar, inni diňe bir goragçy we söweş itleri hökmünde däl, eýsem doly maşgala agzalary hökmünde kabul edilýär. Bu wepaly we dostlukly itler, türkmen medeniýetiniň möhüm bölegini emele getirip, halkyň öz däplerine we medeni mirasyna çuňňur baglanyşygyny görkezýär.

Gadymyýetden gelýän milli däp-dessurlarymyzy gorap saklamaga, ony dünýä ýüzünde giňden tanatmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan beýik tutumlary uly rowaçlyklara beslensin.

Gülruh ALLABERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň

Demirýolçularynyň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar