Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň we Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň 6-7-8-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýy – owadanlygyň we wepalylygyň nusgasy» atly surat bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige gatnaşan okuwçylar, özüniň duýgurlygy, güýç-kuwwaty, berk hem syrdam bedenliligi, haýbaty bilen tapawutlanýan türkmen alabaý itleriniň, çopan goşundaky wepaly hyzmaty, gaýduwsyz hereketleri, sähra durmuşyna çydamly bolan alabaý itleriň suratlaryny çeperçilik bilen çekdiler.
Bäsleşikde I, II we III orunlara mynasyp bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary gowşuryldy.
Oýdin AŞIROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.