Golaýda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň 7-nji çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň guramagynda, Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň orta mekdepleriniň 10-12-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda «Haly dokar ellerim, gazal aýdar dillerim» atly bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan gyzlar 3 sany şert boýunça öz aralarynda bäsleşdiler.
I şerti boýunça bäsleşige gatnaşýan gyzlar milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana wasp edip özleri bilen tanyşdyrmaly;
II şerti türkmen milli tagamlarynyň arasynda naýbaşylarynyň biri hasaplanylýan unaşyny bir sazyň dowamynda kesmeli;
III şerti «Hünärim bar – hormatym bar» bu şertde bäsleşige gatnaşýan gyzlar ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerini ýerine ýetirmeli;
Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Roza Saparowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Ýolly Allaberdiýewa, Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň 7-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Jahan Durdyýewa, Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň 7-nji çagalar bagynyň terbiýeçi-usulçy Käbe Atabaýewa eminlik etdiler. «Haly dokar ellerim, gazal aýdar dillerim» atly bäsleşigiň Darganata etrap tapgyrynda I orna Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Tahyrowa Näzli, II orna Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ataýewa Leýli, III orna Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Sünnedowa Tawus mynasyp boldular.
Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýolly ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.