HALK MASLAHATY — MILLI DEMOKRATIÝANYŇ KÄMIL NUSGASY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň, Lebap welaýat Zenanlar birleşiginiň Türkmenabat şäher bölüminiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda Türkmenabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti barada ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda «Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň kämil nusgasy» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygynyň döwlet tarapyndan kepillendirilýändigi, şeýle hem Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge giňden taýýarlyk görülýändigi, ýaşlar syýasaty bilen baglanyşykly kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň täze taryhy döwürde yzygiderli dowam etdirilýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň mynasyp bilim-terbiýe almagy, halal zähmet çekmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Aýjan ABDULLAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

06 Sentýabr 2025 | 100 okalan

GARAŞSYZ ÝURDUŇ WASPY DILLERDE

05 Sentýabr 2025 | 82 okalan

BIZ ŞADYÝAN KÖRPELER