BILIM BAGTYÝAR EÝÝAMYŇ BINÝADY

Ýakynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly zalynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Bilim bagtyýar eýýamyň binýady» ady bilen talyp ýaşlara sowgat gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda talyp ýaşlary täze 2025-2026-njy okuw ýyly bilen gutlap, aýratyn tapawutlanan talyplara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň watansöýüji, zähmetsöýer, ruhubelent we päk ahlakly, ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Narif BABAKULYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň hojalyk işleri boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

06 Sentýabr 2025 | 101 okalan

GARAŞSYZ ÝURDUŇ WASPY DILLERDE

05 Sentýabr 2025 | 83 okalan

BIZ ŞADYÝAN KÖRPELER