ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY — ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Golaýda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowamynda geçirilýän çärelerden ugur alyp, Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde «Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek her birimiziň borjumyzdyr» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu çärä Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň işgärleri, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda ýollarda asudalygy saklamak, hereket howpsuzlygyny berjaý etmek, degişli düzgünlere eýermek bilen bagly täsirli çykyşlara giň orun berildi. Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň wekilleriniň çykyşlarynda köçe we ýol hereketiniň talaplaryny doly we dogry berjaý etmegiň herekete gatnaşyjylaryň ählisi üçin hem esasy zerurlykdygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň abadan durmuşy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler. 

Ýusup BABAKULOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

06 Sentýabr 2025 | 92 okalan

GARAŞSYZ ÝURDUŇ WASPY DILLERDE

05 Sentýabr 2025 | 77 okalan

BIZ ŞADYÝAN KÖRPELER