“TEGELEK STOLUŇ” BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK

Ähli ulgamlar boýunça ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýan agzybir türkmen halky ýene bir şanly waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görýär. Şöhratly taryhymyzdan, pederlerimiziň ýol-ýörelgelerinden hem görnüşi ýaly, ata-babalarymyz jemgyýetçilik durmuşy bilen baglanyşykly her bir döwletli işe başlanynda il-halky bilen maslahatlaşypdyrlar.

Bu günki gün türkmen halkymyz bu ajaýyp syýasy we durmuş tejribesini has kämil derejede dowam edip gelýär.

Halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde, döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde taryhy ähmiýete eýe boljak bu döwletli maslahata taýýarlyk görmek boýunça Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramagynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Bagt köşgünde “tegelek stoluň” başynda «Halk Maslahaty — döwletliligiň belent nusgasy» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwletimizde, jemgyýetimizde tutýan orny, esasy ugurlary hakynda belläp geçdiler. Şeýle-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we strategik taýdan özgertmek, türkmen jemgyýetinde agzybirligi, jebisligi has-da pugtalandyrmak ýaly wezipeler hakynda aýratyn nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň bähbidine amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, Türkmenistany beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Aýjahan MOLLAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

06 Sentýabr 2025 | 96 okalan

GARAŞSYZ ÝURDUŇ WASPY DILLERDE

05 Sentýabr 2025 | 79 okalan

BIZ ŞADYÝAN KÖRPELER