HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DÖWLET SYÝASATY – ÝAŞLARYŇ DURMUŞ GORAGLYLYGY

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny ýaşlara düşündirmek, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny pugtalandyrmak hem-de jemgyýetimizde agzybirligi we jebisligi berkitmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň, etrap Pagta arassalaýjy kärhanasynyň bilelikde guramaklarynda «Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasaty – ýaşlaryň durmuş goraglylygy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi we oňa ady agzalan kärhananyň işgärleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň şu günki güne çenli gazanan üstünlikleri, ýurdumyzda ýetilen sepgitler, şu taryhy ýylymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň gabat gelmegi, şeýle hem ýurdumyzda taryhy wakalaryň barha dabaralanýandyklary barada buýsançly çykyş etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar eşretli zamanada ulydan uly toýlar tutmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ogulboldy ÖWEZBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Tagtabazar etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar