Ýakynda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda ösüp gelýän çagalarda eziz Watanymyza bolan söýgüsini suratyň üsti bilen beýan etmek maksady bilen etrabyň 6-njy çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Meniň Watanym» ady bilen surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Çagalar ajaýyp Diýarymyzy gözel tebigatyny beýan edýän owadan hem täsirli suratlary çekdiler. Her bir surat özüniň aýratyn manysy boýunça tapawutlanyp, olarda çagalaryň tebigat baradaky garaýşy aýdyň göründi. Bäsleşigiň ahyrynda tapawutlanan çagalara TMÝG-niň Baýramaly etrap Geňeşiniň adyndan hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Azat MUHIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.