ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR

Golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Daşoguz şäher häkimligi,Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat we Daşoguz şäher Geňeşleriniň guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny dabaralandyrmak hem-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp, «Arkadagly Gahryman Serdarly bagtyýar ýaşlar – Berkarar Watanyň guwanjy» atly maslahat geçirdi. Maslahatda il-sylagly ýaşulylar, mährem eneler we TMÝG-nyň işjeň agzalary çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, asmanymyzyň asuda, ýurdumyzyň abadan bolmagyny dilleriniň senasyna öwren pederlerimiziň eden arzuw-umytlarynyň hasyl bolýandygy hem-de ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Maslahata gatnaşyjylar Halkymyzy bagtly geljege sary öňe alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň elmydama üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Hudaýnazar MEREDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň başlygynyň w.ý.ý.

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT-SAGDYNLYKDYR HEM-DE GÖZELLIK

17 Iýul 2025 | 2 okalan

SPORT – KÄMILLIGE BADALGA