SPORT-SAGDYNLYKDYR HEM-DE GÖZELLIK

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi tomusky dynç alyşdaky çagalaryň wagtlaryny täsirli we gyzykly geçirmek, çagalary köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn-durmuş ýörelgelerine çekmek maksady bilen Daşoguz welaýatynyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sport-sagdynlykdyr hem-de gözellik» atly sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça sport ýaryşy geçirildi.

Ýaryşa iki topar «Bürgüt» hem-de «Guwanç» toparlary gatnaşdylar. Ýaryş diýseň gyzykly hem çekeleşikli geçdi. Ýaryşyň guramaçylyk we eminler toparynyň gelen netijelerine görä ýaryşyň ýeňijileri yglan edildi. Ýaryşda «Bürgüt» topary ýeňiji diýlip yglan edildi.

Ýaryşyň ýeňijilerine şeýle hem beýlekilerden has tapawutly çykyş eden ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Çary SAPAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň

Gubadag şäher bölümçesiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT-SAGDYNLYKDYR HEM-DE GÖZELLIK

17 Iýul 2025 | 2 okalan

SPORT – KÄMILLIGE BADALGA