ÝAŞLYGYMYZYŇ BELENT YLHAM JOŞGUNY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda «Ýaşlygymyzyň belent ylham joşguny, şygra beslär bu bagtyýar Watany!»  ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. Çäre «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzda uly ruhubelentlik bilen ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň, aýdym-saz sungatyna höwesjeň ýaşlaryň arasynda guraldy. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň işjeň agzalary çykyş etdiler. Soňra Saparmyrat Türkmenbaşy  etrabynyň medeniýet merkeziniň aýdymçylary we sazandalary tarapyndan ýörite taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi. Çärä gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

Mähri TOÝMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 30 okalan

HÜNÄRIM BAR-HORMATYM BAR

18 Iýul 2025 | 20 okalan

ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANDY