Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Arzuw» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Sport — sagdynlygyň girewi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Körpeleriň tomusky dynç alyş möwsüminiň şatlykly we şowhunly dowam etmegini gazanmak maksady bilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle maksat bilen geçirilen bu wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda çagalar akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada täsirli maglumatlary öwrenip, “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabyň many-mazmuny bilen giňişleýin tanyşdylar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülbagt PÜRÇIKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.