Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrap medeniýet merkeziniň girelge zalynda «Kitap okaýan dünýäni görer–kitap okamaýan görýänini görer» ady bilen duşuşyk geçirildi.
Ýaşlary kitaphana çekmek, olarda kitaba bolan höwes döretmek maksady bilen geçirilen çäräniň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda kitaphana ulgamyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi, döwrebap kitaphanalaryň açylyp ulanylmaga berilmeginiň ýaşlary has hem döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýandygy dogrusynda giňişleýin nygtap geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Akgül HYDYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.