TÜRKMENISTAN – AK BUGDAÝYŇ MEKANY

welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi, etrap häkimligi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrabyň gallaçylarynyň armasyny ýetirmek maksady bilen «Türkmenistan – ak bugdaýyň mekany» atly aýdym-sazly dabarasyny geçirdi. Baýramçylyk dabarasyna etrabyň gallaçy kärendeçileri, kombaýnçylary hem-de awtoulag sürüjileri gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda etrabyň medeniýet bölüminiň aýdym-saz we folklor toparlary özleriniň ajaýyp çykyşlary bilen dabara gatnaşyjylara şatlyk paýladylar. Çäräniň ahyrynda öňdebaryjy kärendeçilere, kombaýnçylara we awtoulag sürüjilere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Öwezmyrat TEKÄÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Şabat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 21 okalan

PARAHATÇYLYK – ÝOLUMYZYŇ ŞUGLASY

01 Iýul 2025 | 23 okalan

BAL SÜÝJI BALDAN-DA BALA SÜÝJI

01 Iýul 2025 | 18 okalan

TÜRKMENISTAN – AK BUGDAÝYŇ MEKANY