Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi, etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda Şabat şäheriniň çäginde ýerleşen çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň gatnaşmagynda «Dostluk» seýilgähinde tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar bakja-bagyna gatnaýan çagalaryň wagtyny hoş geçirmek maksady bilen «Bal süýji baldan-da bala süýji» ady bilen çäre gurady. Bu çärede çagalar teatr işgärleriniň sahna çykyşlaryna tomaşa etdiler. Mundan başga-da bu ýerde bagtyýar körpeler özleriniň taýynlap gelen goşgulary, aýdymlary hem-de türkmen halk ertekilerinden taýýarlan parçalary bilen çykyş etdiler. Çärede TMÝG-niň ýerli Geňeşiniň, etrabyň bilim we medeniýet bölüminiň wekilleriniň beren täsirli gürrüňleri çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Şeker HAÝTANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Şabat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.