Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de Şatlyk şäheriniň 16-njy çagalar bagynyň bilelikde guramagynda terbiýeçileriň, mugallymlaryň, körpejeleriň gatnaşmagynda “Biz — bagtyýar nesiller” ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi.
Çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň aýdym-sazly çykyşlary täsirli pursatlara beslendi. Ýaňlanan aýdymdyr sazlarda, çeper okaýyşlarda asuda ýurdumyzyň, bagtyýar zamanamyzyň waspy belentden ýetirildi. Körpeleriň ýörite taýýarlan ajaýyp tanslary bolsa tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistan döwletimizi çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülüstan NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.