Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň we etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Etrabyň medeniýet ulgamynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň gatnaşmagynda guralan dabara hemmeler üçin diýseň gyzykly boldy. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmegindäki ajaýyp aýdymdyr-sazlar diňlenilip, degişme sahnalara tomaşa edildi. Görkezilen çykyşlar dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmek ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Jeren BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.